Kämil hünärmenler

10 Mart 2024
669

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, kämil hünärmenleri taýýarlamaga hem-de olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny üpjün etmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde bilim ojaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ynsanperwer ugurlarda dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi işleri täzeçe guramaga şertleri döredýär. Aslynda, islendik jemgyýetiň ösüşiniň netijeliligini onuň esasy düzüm bölegini düzýän sagdyn bedenli, giň gözýetimli ýaşlar hem-de ylym-bilim ulgamynyň kämillik derejesi kesgitleýär. Şonuň üçin hem bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Bilim ulgamynyň döwrebap ösüşi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň döwrebap desgalarynyň ulanylmaga berilmeginde, olaryň ählisiniň kompýuter, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw, multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilmeginde şöhlelenýär. Biziň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetimizde hem kämil hünärmenleri taýýarlamakda ähli şertler bar. Bu ugurda okuw, usuly işlerimiz döwrebap ösdürilýär, ýaşlara bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary ylmy esasda ýola goýulýar. Şonuň netijesinde, ýaşlar nebit we nebit önümlerini öndürmegi, nebiti gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryny hem-de onuň ylmy esaslaryny çuňňur öwrenýärler. Şunda okuw otaglarynyň, barlaghanalaryň döwrebap üpjünçiligi oňat ýardam berýär.

Şeker AKYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebiti gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji.
Beýleki habarlar