Söz ussadyna belent sarpa

10 Mart 2024
505

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe umumadamzat medeni ösüşiniň göwher gaşyna öwrülen hem-de kökleri müňýyllyklara aralaşýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, baý medeniýetimizi öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muny üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem aňryýany bilen tassyklaýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň paýhasly dünýäsidir, XVIII asyr nusgawy edebiýatymyzyň taryhynda baky yz galdyran şahsyýetleriň biridir.

Magtymgulynyň dürdäne eserleri ynsany ruhy, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemäge gönükdirilipdir. Akyldar öz pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet, ýurduň we halkyň abadançylygy baradaky pikirlerini çuňlaşdyryp, jemgyýetçilik-pelsepewi, ahlak-etiki we ynsanperwerlik häsiýetli täze pikirleri, wesýetleridir çagyryşlary bilen halka ýüzlenipdir. Akyldar şahyryň:

Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory.
Beýleki habarlar