Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy

10 Mart 2024
475

Türkmen halkynyň akyldar şahyry, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň döredijilik älemi baý we hemmetaraplydyr. Halkyň ХVIII asyrdaky durmuşy, şol döwrüň taryhy hem-de syýasy wakalary, türkmen topragyna bolan çäksiz söýgi, halka bolan yssy mähir, tebigat gözelligi — bularyň ählisi Magtymgulynyň döredijiliginde orun tapypdyr. Ajaýyp eserleri döreden, pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen pelsepesini, kalbynyň owazyny, isleg-arzuwlaryny dünýä ýaýan beýik söz ussadynyň agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýan ajaýyp şygyrlaryny halkymyz ruhy ýörelge, päk terbiýe mekdebi hökmünde kabul edýär. Agzybirlik, jebislik, bitewülik il-ulsumyzyň gadymdan gelýän esasy ýol-ýörelgesi. Magtymguly Pyragy bolsa bu ýörelgäni ölmez-ýitmez şygyrlary bilen watandaşlaryna wagyz eden beýik danadyr.

Magtymgulynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Onuň bize galdyran döredijiligi çeper söz nukdaýnazaryndan örän gymmatlydyr. Magtymgulynyň ruhy-ahlak pikirleri umumadamzat derejesinde, şonuň bilen birlikde, ýaş nesil üçin genji-hazynadyr. Şahyr ylmy we pelsepewi düşünjelere esaslanyp, bagtyň, hoşgylawlygyň, ýagşylyk etmegiň ýol-ýörelgesini öwredýär.

Gurbangül MYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar