Akyldar şahyryň eserleri dünýä dillerinde

10 Mart 2024
414

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi — türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip, örän jaýdar belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, sungatyň zergäri hasaplanýan şahyrymyzyň şygyrlarynda päk ahlaklylyk, ruhubelentlik, geljege ýagşy umyt-niýet, adamkärçilik beýan edilýär. Dürdäne pikir-paýhaslary il-güne bagyşlan şahyr şygyr bossanynyň bilbili saýylypdyr.

XVIII asyr türkmen edebiýaty Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol sebäpli-de şahyr özüniň şygyrlarynda agzybirlik, asudalyk, adalatlylyk, watansöýüjilik, mertlik, batyrlyk ýaly ynsany bezeýän oňat gylyk-häsiýetleri ündew edýän parasatly pikirleri öňe sürüpdir.

Gülälek BAÝRAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uzak Gündogar dilleri kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar