Ene dilimiziň baýlygy — halk hazynasy

10 Mart 2024
452

Dilimiziň gymmatly baýlygyny öwrenmek, ylmy garaýyşlary öňe sürmek häzirki ajaýyp döwrümizde uly many-mazmuna eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle milli gymmatlyklarymyzyň biri hem ene dilimiziň baýlyklarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene dilimiziň baýlyklaryny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şonuň üçin hem ene dilimiziň baýlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Şeýle hem diliň söz baýlyklaryny, semantikasyny, etimologiýasyny öwrenmekde alymlar tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Dilimiziň söz baýlyklaryny öwrenmekde halk döredijiligi, esasan hem, nusgawy edebiýatymyzyň eserleri gymmatly çeşme bolup durýar. Şeýle bolansoň, halkyň janly gepleşigi, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, halk köpçüligine ýetirilýär. Ata-babalarymyzyň döreden pähimlerinden, nakyllaryndan görnüşi ýaly, edep başy dilden başlanýar. Dil bilmek, ýerinde manyly gürlemek edeplilikden nyşandyr. Ene dilimiziň çuňlugyna düşünip, gadymdan gelýän sözleriň many-mazmunyny özleşdirmek dünýägaraýşyňy giňeldýär. Danalarymyz, pederlerimiz bize goşgudyr dessanlary, parasata ýugrulan sözleri miras galdyrypdyrlar. Bu gymmatly mirasa eýe çykmak we many-mazmunyna göz ýetirmek üçin ene dilimize çuňňur düşünmek zerurdyr. Şonuň üçin bulary ýaşlara öwretmek we olary milli ruhda terbiýelemek asylly maksadymyzdyr.

Oguljahan GURBANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar