Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr

10 Mart 2024
456

Ynsan durmuşy kitap, edep-terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Kitap ynsanyň iň ýakyn dostudyr. Şonuň üçinem kitaby diňe bir okamak ýa-da gowy görmek ýeterlik bolman, ony gowy saklamak, sahypalaryny seresaply açmak, gözüň göreji ýaly aýamak gerek. Şeýle hem ähli zadyň öz edebiniň bolşy ýaly, kitap okamagyň hem özboluşly edebi bardyr.

Kitap okamak edebi özünde birnäçe düzgünleri jemleýär. Okamagy söýmek durmuşymyzda boş sagatlarymyzy manyly sagatlara öwürmek diýmekdir. Kitap okalanda, möhüm ýerlerine galam bilen bellik etmek özüň üçin peýdalydyr. Eger kitap özüňki däl bolsa, onda aýratyn kagyza bellik etmek has gowudyr. Kitaby ýeke elde tutup okamak onuň tiz dargamagyna getirer. Şonuň üçinem kitaby jaýlaşykly oturyp, iki eliň bilen tutup okamak edeplilikden nyşandyr.

Hatyja ABDYSEMENDOWA,
Aşgabat şäherindäki 81-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar