Zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilýän nesiller

10 Mart 2024
494

Ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere beslenip, belent sepgitleri nazarlaýar. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ilaty elýeterli hem-de ýokary hilli bilim hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Mekdep derslerini çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmek işleri üstünlikli alnyp barylýar, gurulýan ähli bilim edaralarynda häzirki zaman kompýuter, interaktiw we multimedia tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Bu ýaşlara dünýä derejesinde bilim almaga, gözýetimini giňeltmäge we ylmyň gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslary we usullary döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda Milli maksatnamalar, Konsepsiýalar durmuşa geçirilýär.

Enejan HÜMMÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar