«7/24. tm» №11 (198), 11.03.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalaryndan ruhlanan türkmen halkymyz her bir güni zähmet üstünliklerine beslemek bilen, toýdan-toýlara, baýramlardan-baýramlara barýar. Beýik maksatlar bilen gadam basan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyz hem özüniň hoş habardyr buşlugy bilen şanly senelere beslenip, turuwbaşdan belent ruha ýugrulýar.