Halkara matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi

9 Mart 2024
499

Düýn Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2024) jemi jemlendi. Birnäçe günläp dowam eden olimpiada-da Bolgariýanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň we Özbegistanyň jemi 25-den gowrak ýokary okuw mekdebinden 110-dan agdyk, ýurdumyzdan bolsa 400-e golaý talyp üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.

Olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirildi. Oňa gözegçilik etmek üçin ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan eminler topary düzüldi. Olimpiadada türkmen talyplary 191 medal gazanmagy başardylar. Ildeşlerimiz bäsleşigiň ýekebara görnüşinde altyn medallaryň 22-sine, kümüş medallaryň 51-sine, bürünç medallaryň bolsa 104-sine mynasyp boldular. Toparlaýyn tapgyrda olar 2 altyn, 5 kümüş, 7 bürünç medaly eýelediler. Şeýle-de özbegistanly talyplar 57, russiýaly ýaşlar 26, bolgariýaly myhmanlar bolsa 8 medal gazandylar. Ispaniýaly talyba 1 altyn, şeýle-de Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Indoneziýadan gelen talyp wekiliýetleriniň hersine 1 bürünç medal eýelemek başartdy.

Gözel PIRMUHAMEDOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar