«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça nyrhnamalar

7 Mart 2024
264

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzda demirýol gatnawlarynyň operatory bolup «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça gatnadylýan ýükleriň möçberini her geçen gün artdyrmaga dowam edýär.

Agzalýan halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde jemgyýetimiz öz müşderilerine Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinden Hindistana, Eýrana, B.A.E-ne, Saud Arabystana, Päkistana, Yraga we Müsüre amatly nyrhnamalaryny hödürleýär. Garşy ugurda bolsa, Hindistandan, B.A.E-den, Päkistandan, Şri lankadan we Saud Arabystandan Moskwa çenli ýurdumyzyň Sarahs, Etrek we Serhetýaka demirýol stansiýalarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak bilen, amatly nyrhlary hödürleýär.

Beýleki habarlar