Şanly ýylyň döredijilik ruhy bilen

7 Mart 2024
385

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň gadamlary barha rowaçlanýar. Bu şanly ýyly has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda dürli ders bäsleşikleriniň, döredijilik duşuşyklarynyň, halkara ylmy maslahatlaryň we beýleki medeni-köpçülik çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu babatda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda-da degişli işler alnyp barylýar.

Institutda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de daşary döwletleriň bilim ojaklarynyň talyplarynyň gatnaşmaklarynda daşary ýurt dilleri, şol sanda rus dili boýunça hem onlaýn görnüşde ders bäsleşikleriniň geçirilmegine badalga berildi. Olara Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň birnäçesiniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň işjeň gatnaşmaklaryna Arkalaşygyň giňişliginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana goýulýan hormatyň nyşany hökmünde garamak bolar. Ders bäsleşiginiň şertleriniň we sowallarynyň düzülişi, ony geçirmek boýunça guramaçylyk işleriniň alnyp barlyşy institutda halkara derejedäki çäreleri guramakda uly tejribäniň toplanandygyna şaýatlyk edýär.

Sülgün SARYHANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar