Halkara olimpiada zehinlileri saýlaýar

6 Mart 2024
421

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:

4-nji martda paýtagtymyzda ýerleşýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS-2024) açylyş dabarasy boldy. Bilşimiz ýaly, bu olimpiada ata Watanymyzda ilkinji gezek «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» uly üstünliklere beslenipdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem nobatdaky gezek geçirilýän bu halkara derejesindäki olimpiada gatnaşmak üçin dostlukly döwletleriň 7-siniň, ýagny Hytaý Halk Respublikasynyň, Bolgariýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Özbegistanyň, Indoneziýanyň 25-den gowrak ýokary okuw mekdebinden dürli ugurlar boýunça okaýan talyplaryň 110-dan gowragy paýtagtymyza geldiler. Biz hem merjen şäherimizde badalga berlen bu halkara derejeli bäsleşik mynasybetli taýýarlanan ýörite sahypamyzy okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Beýleki habarlar