Bilimli ýaşlar — buýsanjymyz

6 Mart 2024
352

Ata Watanymyzda bu gün ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almaklary, öz kärine ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň ýagty geljegi ugrunda edýän taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýar. Häzirki wagtda döwrüň ösen innowasion tehnologiýasyna, öňdebaryjy okuw maksatnamalaryna daýanýan sanly bilim ulgamyny döretmekdäki baş maksat eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara ýokary hilli bilim berip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleridir. Ýaşlaryň bilim derejesini kämilleşdirmegiň esasy şerti bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi bolup durýar. Hut şu möhüm wezipeden ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklary zerur okuw şertleri, tehnologiýalar ulgamy bilen üpjün edilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň kämil ylym, bilim almagyny üpjün etmek ugrundaky netijeli işler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem batly depginler bilen alnyp barylýar. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýan edilen şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, degişli döwürde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanyldy. Ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Ylmy temalaryň 494-siniň ýerine ýetirilişi utgaşdyryldy, okuw kitaplary, gollanmalar, maksatnamalar seljerilip, olaryň 359-sy makullanyldy. Amala aşyrylýan şeýle belent maksatlaryň netijesinde kämil ylym öwrenip, Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşant goşjak ussat hünärmenler kemala gelýär.

Döwlet MÖWLAMOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar