Bagtyýarlygyň açary

6 Mart 2024
399

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň biridir. Ýokary okuw mekdebimizde sapaklar iňlis dilinde alnyp barylýar. Onda Dil öwreniş bölümi bolup, ähli birinji ýyl talyplara iňlis dili derejesini kämilleşdirmäge, ýapon diliniň başlangyç derejesini ele almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa okuwyň soňky ýyllarynda hünärlerini iňlis we ýapon dillerinde öwrenmäge ýardam edýär.

Biziň uniwersitetimiz geçen ýyllarda ýurt derejesinde orta mekdep okuwçylary üçin «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadasyny, 18 — 35 ýaş aralygyndaky raýatlar üçin innowasion tehnologiýalaryň taslama bäsleşigini gurnady. Iki çäre hem ýokary netije berip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Times Higher Education Awards Asia 2024» sanawynyň «Student Recruitment Campaign of the Year» ugry boýunça sanawyň sekizligine girmegine ýardam etdi. Häzirki wagtda hem uniwersitetimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary tarapyndan «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly II integrirlenen olimpiadany geçirmek üçin taýynlyk işleri alnyp barylýar. Bu yzygiderli geçirilýän çäreleriň esasy maksady bolsa, aýratyn zehinli okuwçylary ýüze çykarmakdan, Türkmenistanyň zehinli okuwçylaryndan ybarat bolan «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznany döretmekden, etrap merkezlerinden çetde ýerleşýän mekdeplerde okaýan okuwçylaryň zehinini ýüze çykarmakdan, bilimlerini artdyrmakdan, orta we ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän mugallymlaryň özara pikir alyşmaklaryna ýardam bermekden ybaratdyr.

Hatyja HALBAÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar