Ýaşmak

6 Mart 2024
566

Ýaşmak türkmen gelinleriniň asyllylygynyň, edalylygynyň, haýalylygynyň, ýaşuly nesle bolan beýik hormat-sarpanyň nyşany hökmünde türkmen durmuşyna ornan dessur, ata-baba dowam edip gelýän däp. Ýagşy gylykly, mylaýym, sylag-sarpaly, eli çeper, dili şeker, gaýynatalaryndan, gaýynenelerinden, gaýynagalaryndan, gaýyn tarapynyň ýakyn dogan-garyndaşlaryndan ýaşynýan gelinler halk hormatyna mynasyp bolupdyr. Ýaşmak zenanyň maşgala gurmagy bilen bagly berjaý edilýän milli edim-gylymlaryň biri saýylýar.

Gyzlarymyz gelinlik dünýäsine gadam basanlarynda toýuň ertesi güni gyz-gelinleriň, dogan-garyndaşlaryň gatnaşmagynda berjaý edilýän «Baş salmak» toý dessury biziň welaýatymyzda «Ýerge toý» ady bilen şu günler hem dowam edýär. Onda gyzlyk döwründe başyna geýen gupbaly tahýasy ýagşy niýet bilen baldyzynyň başyna geýdirilýär. Täze gelniň gyňajynyň bir ujy alkymynyň aşagyndan aýlanyp, agzyna ýaşmak edilýär.

Annatuwak KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar