Miras galan asyklar

6 Mart 2024
466

Pederlerimiz gelin-gyzlaryny, ýaş aýratynlygyna görä, dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Şonda bu bezegleriň ýerligi guýma kümüşden bolup, ýüzüne altyn çaýylypdyr.

Kümüş asyklar zenanlaryň saçyna dakmagy üçin niýetlenip ýasalan «saçýüzi», «saçujy», «saçmonjuk» ýaly bezeglerdir. Asygyň ýokary başynda saçbagyny berkitmek üçin halka bolýar. Asyk şol halkadan geçirilen alaja bilen saça dakylýar. Asygy uly ýaşdaky aýallar dakynypdyrlar. Asygyň şekili peýkamyň başyna meňzeş bolup, onuň aşaky bölegi ýürege çalym edipdir. Zergärler onuň ýüzüni oýup, sim çekip nagyş salypdyrlar. Asyga köp gaş goýulmandyr.

Selbi ÝAGMYROWA,
Daşoguz şäherindäki 18-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar