Ýaş watançylara buýsanç

6 Mart 2024
283

Häzirki wagtda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň milli terbiýe ulgamynda ýetişdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Olaryň Watanymyza, il-günümize wepaly, ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik taglymatyny mynasyp dowam etdiriji nesil bolup terbiýelenmeginde täzeçe usullar ulanylýar. Şeýle depginli işler TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem mynasyp dowam etdirilýär.

Ýaş Watan goragçylarynyň geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini Ýöriteleşdirilen harby mekdebimizde harby okuwçylarymyzyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak babatynda degerli işler alnyp barylýar.

Hurma KAKABAÝEWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar