Bilim — bagtyň çyragy

6 Mart 2024
282

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ägirt uly işleriniň hatarynda ylym-bilim özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ulgamda amala aşyrylýan beýik işler, ägirt uly özgertmeler röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Ylymdyr bilimiň durmuşymyzdaky wajyp ornuna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny netijeli ulanyp bilmekleriniň derwaýysdygyny nygtap, möhüm wezipeleri öňe sürýär. Ýaşlara ylym we bilim, edep-terbiýe bermekde pederlerimizden miras galan el işlerimizi, dürli hünärleri öwretmäge, milliligimize, däp-dessurlarymyza hormaty, sarpany, söýgini terbiýelemäge gönükdirilen ajaýyp şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýär.

Bilim bagtyň çyragydyr. Bu çyragyň ýiti şugla saçmagy barada taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, döwlet we dünýä ähmiýetli işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Orazgül Aşyrowa,
Türkmenbaşy etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar