Önümlere isleg artýar

6 Mart 2024
308

Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi welaýatymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan we kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň biri. Bu ýerde egrilýän ýüplükleriň bir böleginiň içerki ulanyjylara, beýleki böleginiň bolsa Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe, Belarus Respublikalaryna eksport edilýändigi kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny, önümleriň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini alamatlandyrýar.

Ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bu fabrikde işleriň oýlanyşykly hem-de dünýä ölçeglerine laýyk guralýandygyndan hem habar berýär. Welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan kabul edilýän pagtadan ýüplük öndürmäge girişilmezinden ozal çig mal degişli barlaglardan geçirilýär we bildirilýän talaplary ödeýändigine doly göz ýetirilenden soň önümçilige goýberilýär. Munuň üçin fabrikde kämil enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap barlamhana hereket edýär. Onda öz wezipelerine jogapkärli çemeleşýän hünärmenler işleýärler.

Döwlet JUMADURDYÝEW.
Beýleki habarlar