Bilimli ýaşlar saýlandylar

6 Mart 2024
525

Ýakynda welaýatymyzyň etraplarynda we Daşoguz şäherinde aýratyn zehinli, bilimli, ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýyl geçirilýän “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň ýene bir  tapgyry  geçirildi. Oňa türkmen dili we edebiýaty, iňlis dili, rus dili, taryh, geografiýa, himiýa, biologiýa, fizika, matematika, informatika dersleri boýunça bäsleşigiň mekdep we mekdebara tapgyrlarynda 1-nji we 2-nji orunlary eýelän 8 – 9-njy synpyň okuwçylary gatnaşdylar.

Bäsleşigiň Daşoguz şäherindäki 22-nji orta mekdebiň döwrebap okuw esbaplary, maglumat we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen otaglarynda geçirilen şäher tapgyrynda şäheriň çägindäki 36 sany orta mekdebiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky 2-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Okuwçylar bäsleşigiň şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirmek bilen özleriniň bilimlerini, zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Bäsleşikde tapawutlanan okuwçylara 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli we höweslendiriji Diplomlar gowşuryldy.

Akmyrat GURBANOW,
welaýat Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar