«Drewry WCI» konteýner indeksi: Aziýa — Ýewropa ugurlary boýunça nyrhlar her aý 20-25% aşak düşýär

6 Mart 2024
320

Konteýner ugratmak üçin «Drewry WCI» tarapyndan hödürlenýän nyrhlaryň ortaça görkezijisi 40 metrlik konteýner üçin 3,5 müň dollar boldy. Şeýlelikde, Aziýa — Ýewropa ugurlaryndaky nyrhlar hepdäniň dowamynda FEU üçin 300 dollar töweregi arzanlady. Demirgazyk Ýewropanyň portlaryna uzaýan ugurlar üçin subindeks FEU üçin 4 müň dollardan hem aşak düşdi.

Ortaýer deňziniň portlaryna barýan ugurlarda bolsa geçen hepde FEU üçin 5 müň dollardan ýokary mukdardaky serişde bellige alnan bolsa, bu görkeziji häzirki wagtda 4,8 müň dollardan hem aşaklady. Demirgazyk Amerikanyň Ýuwaş ummanynyň portlaryna eltip bermegiň bahasy FEU üçin 200 dollardan 4,5 müňe, Atlantik okeanynyň kenaryna bolsa 150-den 5,8 müň dollara çenli arzanlady.

Beýleki habarlar