Muny bilmek gyzykly

6 Mart 2024
416

Äşe-Patma türkmen halk mifologiýasynda zähmetkeş aýalyň howandarydyr, şeýle hem ýokary hilli düýe ýüňünden agarçäkmeni döredijidir. Bu kesp Muhammet Pygamberiň aýalynyň we gyzynyň atlary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Dokma ýüwürdilende, Äşe-Patmanyň hormatyna çagalara semeni paýlamak däbi bolupdyr. Olar süýji tagamdan dadyp: «Goý, ol Äşe-Patmanyň eli bilen edilen ýaly bolsun!» diýip, öý eýelerine alkyş aýdypdyrlar.

Şaýly gelin — Türkmenistanyň günorta we günorta-gündogar etraplarynda ýaşaýan ilatyň arasynda meşhur bolan ruhuň ady. Uzak ýola düşýän we kümüş şaý-sepleri dakynan, owadan milli eşikdäki ýaş zenanyň keşbinde göz öňüne getirilýär.

(Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
Beýleki habarlar