Türkmen ruhunyň synmaz sütüni

6 Mart 2024
560

Üstünden ençeme ýyl geçse-de, Magtymguly Pyragynyň durmuşyň dürli öwrümlerinden söz açýan dürdäne şygyrlary ýaşaýşa ýakym, kalplara mähir paýlaýar. Hut şonuň üçin hem gündogaryň akyldary, dünýä edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň biri hasaplanylýan beýik şahyrymyzyň döredijiligi bütin adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hökmünde sarpalanylýar.

Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ruhy ahwalyny, isleg-arzuwyny, ýürek sedasyny tutuş dünýä aýan edýär. Söz ussadynyň döredijiligine içgin aralaşdygyňça, taryhy ýolumyza, ata-babalarymyzyň durmuş baradaky garaýyşlaryna, ýörelgelerine has düýpli göz ýetirmek mümkin. Beýik şahyrymyzyň döredijiliginiň gerimi giň bolansoň, onda okyjylara durmuşda sapak edinere parasatly pikirler, ruhy gymmatlyklar hem kändir. Bilşimiz ýaly, ruhy atamyz öz ýaşan döwründe il-güni agzybirlige çagyryp, bir bitewi döwleti gurmagy arzuwlapdyr. Onuň eserleriniň bir bölegi-de agzybirlige, dost-doganlyga, parahat döwlet gurmaga ýugrulan şygyrlardan ybarat bolup, kalplarda müdimilik ýaşap gelýär. Parahatçylyga, jebislige, watansöýüjilige uly sarpa goýýan halkymyz hem beýik şahyrymyzyň bu çagyryşyny ruhy ýörelge, durmuş kanuny hökmünde kabul edýär. Magtymguly Pyragynyň bu arzuwlary biziň ajaýyp döwrümizde — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hasyl boldy. Ýagny biz berkarar döwleti islän Magtymguly atamyzyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýarys.

Mähri HALMYRADOWA,
Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar