Sazyň beýik güýji

6 Mart 2024
493

Sazyň ýakymly täsiri barada söz açylanda, onuň gündeki aladadyr hysyrdylardan saplanmaga, seriňi durlamaga ýardam edýändigini bellemelidiris. Ýaşaýşa höwes döredýän ajaýyp duýgularyň çeşmesi hasaplanylýan saz ynsany rahatlandyrýar. Öňde goýan maksatlaryna ýetmeklige hyjuwlandyrýar.

Bu senediň dertden saplamak, ruhuňy götermek, döredijilige ylham bermek ýaly gudratly güýji hem bar. Onuň adam beýnisine, akyl ýetirijiligine, tutuş bedenine edýän täsirini häzirkizaman ylmy subut etdi. Çünki mylaýym, ýüregiň inçe tarlaryna ýol ýasaýan sazlar beýniniň sazlaşykly işlemegine, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýän ganyň limfositleriniň köpelmegine getirýär.

Agamämmet SEÝIDOW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar