5-nji martda göçme birža söwdasy geçiriler

3 Mart 2024
323

Aşgabatda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan guralýan birža söwdalary 2024-nji ýylyň 5-nji martynda sagat 11:00-da Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Göçme birža söwdasyna, esasan, nebit-himiýa, dokma senagaty, gurluşyk materiallary we oba hojalyk pudagyna degişli bolan önümler çykarylar. Gatnaşyjylary hasaba almak sagat 10:30-da başlanýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplar aşakda görkezilen salgylar we telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Beýleki habarlar