Ösüşlere ýarandyr halk bähbitli ýolumyz

2 Mart 2024
364

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümiziň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly öz üstünlikleri, ýetýän belent sepgitleri bilen biziň her birimizi guwandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn işler has-da rowaçlydyr. Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen Maksatnamanyň amala aşyrylmagy pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hem-de beýleki ösüş maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Bu döwletli Maksatnama şu ýylda döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, milli, halkara we sebitara maýa goýum maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge şertleri döreder. Şeýle hem ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ähli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, raýatlaryň abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Leýla ŞERAPOWA
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Hojambaz etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni
Beýleki habarlar