Awtomobil ýollarynyň gurluşygy güýçlendiriler

2 Mart 2024
399

1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Sebitara we içerki awtomobil ýollaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek möhümdir» diýip nygtady we wise-premýer B.Annamämmedowa degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Döwlet Baştutany şeýle-de şu ýyl ýurtda birnäçe iri önümçilik we durmuş maksatly binalarydyr desgalary ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu binalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagy üçin gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň netijeli işlemegini gazanmagyň zerurdygy, şeýle hem himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygy, energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmagyň hem möhümdigi barada aýdyldy.

Beýleki habarlar