Döwrebaplaşdyrmak — möhüm talap

2 Mart 2024
372

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasiýa taýdan ösdürmäge, senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýyl toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda 8,4 göterim ösüş gazanyldy. Bu ösüşiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dowam etdirilýändigi ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa pudagynda döwrebap özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» esasynda alnyp baryljak giň gerimli işler, amala aşyryljak özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şu babatda 22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi taryhy ähmiýete eýe boldy. Onuň dowamynda seredilen meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek meselesine-de aýratyn üns çekildi. Ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we şonuň netijesinde ösüşi tizleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak boýunça işler hem şu ýylda göz öňünde tutulýan çäreleriň hatarynda görkezildi.

Jahan ANNAORAZOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar