Ýüplükleriň möçberi artýar

2 Mart 2024
439

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän işler amala aşyrylýar. Bu ýerde ornaşdyrylan önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýalary ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary düwünsiz öndürmäge mümkinçilik berýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan nah ýüplükler bu gün diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, Türkiýäniň, Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem islegli önümlerine öwrüldi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji iki aýynda toplumda 720 tonna ýokary hilli nah ýüplük taýýarlanyldy. Bu görkeziji, geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, 20 tonna önümiň artyk taýýarlanandygyny aňladýar. Şanly ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemegi maksat edinýän agzybir işgärler şol döwürde sarp edijilere ýetirilen nah ýüplükleriň pul hasabyndaky möçberini 15,3 million manatlyga golaýlatmagy başardylar. Munuň özi, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üç esse köpdür. Hasabat döwründe kärhana boýunça sarp edijilere ugradylan tebigy ýüplügiň möçberiniň dört esse köp bolmagy balkanly dokmaçylaryň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmagy başarýandyklaryndan habar berýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar