Taryhy we medeni miras

29 Fewral 2024
446

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan muzeýlere uly ähmiýet berilýär. Çünki halkyň şöhratly taryhy, şu güni bilen bagly gymmatlyklar muzeýleriň esasy hazynasy hasaplanýar.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet muzeýinde türkmen halkynyň taryhynyň medeni mirasynyň ylmy esasda öwrenilmegi üçin uly mümkinçilik bar. Döredilen şeýle mümkinçilikleri nazarda tutup, milli medeni gymmatlyklary özünde jemleýän bu muzeýe gelýän myhmanlara türkmen halkynyň baý taryhyny gürrüň bermek örän buýsandyryjydyr.

Amangül KARAKULOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar