Hakyda ýazgylary

29 Fewral 2024
531

Milli mirasyň janköýeri Ümür halypa (Begençmyrat Esenow) «Aýdylmadyk gep ýok-da, eşidilmedik gep bar» diýen jümläni köp gaýtalardy. Örän jaýdar aýdylan söz. Şol halka nepi degjek ruhy gymmatlyklary gözläp, toplap, soňky nesillere ýetirmek bolsa biziň mukaddes borjumyz. Bu hakda Gahryman Arkadagymyz hem: «Türkmen halkynyň taryhynyň gatlarynda galan milli gymmatlyklarymyzy tapyp, ony geljekki nesillere ýetirmek öz aslyňa bolan buýsançdyr, sogaply işdir» diýip nygtaýar. Şu mübärek sözlerden ugur alyp, biz hem öz «hazynaly horjunymyza» düşen käbir hikmetli jümleleri okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Pederlerimiz halka nepi degjek zatlary «sandygynda» saklaman, aýdyp giden adamlara «aryf» kişiler (sözüň zekadyny beren aryf kişiler) diýer ekenler.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy.
Beýleki habarlar