Durmuş ulgamynyň sazlaşygy

28 Fewral 2024
346

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasy bilen eziz Diýarymyz häzirki döwürde ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş umman we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň yklymüsti köprüsi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap ulag-kommunikasiýa toplumyny döretmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gündogar−— Günbatar we Demirgazyk−— Günorta ugurlarynda esasy ýollar boýunça milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmegi bu ugurdaky möhüm wezipeleriň hatarynda goýýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda mähriban Diýarymyzda ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm halkasyna öwrüljek ulag ýollarynyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle-de sebit hem-de sebitara ýollary döretmegiň we olary netijeli ulanmagyň ýolunda möhüm ädimler ädilýär.

Eziz Diýarymyzyň çägi gadymy döwürlerde çekilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, hemişe goňşy döwletlerden söwdagärleri, syýahatçylary özüne çekipdir. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda bu gadymy ýol döwrebap transmilli awtomobil we demir ýollary hem-de gaz geçirijiler görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Munuň özi daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini, yklymda üstaşyr gatnawlaryň, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini üpjün edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda iri taslamalaryň başyny başlamak bilen, hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady we geoulag binýadyny döretmäge saldamly goşant goşýar.

Gaýly Janyýew,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar