Sanly ykdysadyýetiň şowly gadamlary

28 Fewral 2024
485

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda ýola goýlan sazlaşykly işleriň netijesinde karz edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi günsaýyn giňelýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda döwrebap usullar işjeň ulanylýar. Bank amallarynyň sanlylaşdyrylmagy bolsa, diňe bir müşderilere hödürlenilýän hyzmatlaryň sanyny köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga, wagtyny we harajatlaryny tygşytlamaga hem giň mümkinçilikleri döredýär. Bank ulgamynda «Menzilara bank» («Internet bank») we «Mobil bank» hyzmatlarynyň ýola goýulmagy bilen galtaşyksyz sanly töleg hyzmaty arkaly hasaplaşyklary ýerine ýetirmek mümkinçiligi döredildi.

«Menzilara bank» hyzmaty web brauzerler, «Mobil bank» hyzmaty ulgamyna bolsa banklar tarapyndan taýýarlanylan ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly ulgama birikdirilýär. «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlary müşderiniň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini tizleşdirmäge, netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda «Altyn asyr» bank kartynyň eýeleri öz hyzmat edýän banklarynyň internet sahypalary arkaly bank kartlaryny «Menzilara bank» hyzmatyna özbaşdak birikdirip bilýärler.

Göwher MÖMINOWA,
Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar