Gadymy gymmatlyklarymyza belent sarpa

28 Fewral 2024
520

Düýn Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Milli Geňeşi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary Lebap welaýat häkimligi bilen bilelikde gurady.

Türkmen halkynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen dabaraly maslahata welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňleri, medeniýet işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Agageldi JUMAGELDIÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar