Nesilleriň paýhas mekdebi

28 Fewral 2024
560

Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ilkinji nobatda, köptaraplaýynlygy bilen tapawutlanýar. Hut şu esasdan hem durmuşyň islendik meselesinde ýa-da her bir türkmen maşgalasynda nesil terbiýesinde derrew Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan setirlerine ýüzlenilýär. Çünki islendik döwür üçin hem möhüm bolan bu mesele nusgawy şahyrymyzyň çuň manyly döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň halkyň jebisligini, agzybirligini berkitmek, milli däplerimize eýermek dogrusyndaky öwüt-ündewleriniň üstünden ençeme ýyl geçse-de, kalplarda ýaşamagyna sebäp bolýar.

Al-Faraby, Mahmyt Zamahşary, Muhammet al-Horezmi, Omar Haýýam ýaly Gündogaryň beýik danalarynyň mekdebini geçen Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirlerindäki edep-terbiýe bilen baglanyşykly garaýyşlaryň aglabasy adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetlerden gözbaş alýar. Dana şahyrymyz şygyrlarynyň üsti bilen ynsanlara asylly, sabyrly, zähmetsöýer, sylaşykly, bir sözli, mert bolmaklygyň adamkärçiligiň beýik aýratynlygydygyny ündäpdir. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň hersi bular dogrusyndaky çuň manyly pikirlerden püre-pür. Muňa mysal hökmünde söz ussadynyň «Ýar eýlär» goşgusyna ýüzleneliň:

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar