Haýraton – Mazari-Şerif özbek-owgan halkara demir ýolunyň durky täzelener

27 Fewral 2024
300

Özbegistanda demir ýollary ulgamynyň operatory «Uzbekiston temir ýullari» Owganystandaky Haýraton – Mazari-Şerif demir ýolunyň durkuny täzelemäge girişdi diýip, döwlet kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Özbegistan durnuky täzeleýiş işleriniň birinji tapgyryny ýerine ýetirmek üçin 120 işçi iberdi. Naibabad stansiýasyna ýük gatnawyny iň tiz wagtda gaýtadan dikeltmegiň esasy wezipe bolup durýandygy habarda bellenilýär. Şu maksat bilen birbada Haýraton stansiýasynyň «B» parkynda we demir ýol şahamçasynyň 57-nji kilometrinde toplumlaýyn işler alnyp barlar.

Beýleki habarlar