Bir radiooýnuň döreýşi

22 Fewral 2024
574

Işden gelip, şol öňki endigime görä, radionyň nurbatyny towladym. Radioda mahmal owazly diktor Baýram Geldimyradowyň sesi ýaňlandy: «Hormatly radio diňleýjiler, biz size Mämmetnazar Hydyrowyň hem-de Tejen Nepesowyň «Gyratyň ogurlanyşy» atly radiooýnuny eşitdirýäris». Bu sesden soň tolgundyryjy, kalbyňy gozgalaňa salýan saz ýaňlanyp, seni başga dünýä — Göroglynyň zamanasynyň wakalarynyň yzyna düşürýär.

Bu radiooýnuň alypbaryjysy belli ýazyjymyz Arap Gurbanowdy. Ol radiooýnuň gahrymanlary bolsa türkmen sungatynda yz goýan halypalardy. Göroglynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow ýerine ýetirýärdi.

Ýazjemal ANNAÝEWA,
«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymy boýunça jogapkär kätibi.
Beýleki habarlar