Alaja aladyr, nagyşda läledir

22 Fewral 2024
882

Ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden çykan nepis işler bu gün milli gymmatlyklarymyz hökmünde dünýä ýaýylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň öz agtyklary bilen gaýynenesi Ogulabat ejäniň  elinden çykan we nepisligiň nusgasyna öwrülen alajalary hem-de olary örmek üçin ulanan iş guralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşuranyna köp wagt geçenok. Bu taryhy waka türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda sünnäläp döreden el işleriniň döwletli döwrümiziň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini ýene-de bir gezek açyp görkezýär.

Ogulgerek Berdimuhamedowa şonda mähriban gaýynenesiniň zenan mertebesine çäksiz hormat goýandygy, el hünäriniň gelin-gyzlar üçin mukaddes, asylly ýörelgä öwrülmelidigi barada aýdan parasatly sargytlary, öwüt-ündewleri hakynda täsirli gürrüň berdi. Ogulabat eje alaja taýýarlamakda ulanylýan guralyň güjüm agajyndan edilýändigi we ony güjümiň öserine zeper ýetirmän, şahasyndan almalydygy barada çowlugy Kerimgula gürrüň berer eken.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünrämeni.
Beýleki habarlar