Alaja

22 Fewral 2024
875

Alaja — türkmen zenanlarynyň döreden ajaýyp el işleriniň biri bolup, ol has ir döwürlerden bäri halkymyzyň durmuşyna giňden ornaşypdyr. Şol döwürlerden bäri «Alajada gözüň agy-garasynyň, gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi bar» diýlen aýtgy ýörgünli bolup, halk arasynda göz degmekden, göze görner-görünmez bela-beterlerden, erbet nazarlardan goramakda alajanyň ähmiýetiniň uludygyna ynanylypdyr.

Dokalanda gözelligi älemgoşar öwüşginli ýazlara meňzeýän haly-palaslarymyzyň, yhlas bary siňdirilýän kilimlerimiziň, keçelerimiziň, keşdelerimiziň ählisinde orun alan, sallançaklarymyzyň, bukjalarymyzyň bagy bolan alajalarymyz milli gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orun eýeläp, olar, esasan, ak-gara reňklerden, kähalatlarda bolsa dürli reňklerden ybarat bolýar.

Nursoltan Depbiýewa,
žurnalist.
Beýleki habarlar