Halaçly halyçylaryň zähmet üstünlikleri

21 Fewral 2024
458

Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly eserinde bellenilişi ýaly, «Asyrlaryň dowamynda türkmen halysyna «Syrlardan dokalan gözellik» diýip at beripdirler». Türkmen zenanlarynyň ýürek owazy, gözel görnüşleriň, tebigat we haýwanat dünýäsiniň bir ýere jemlenmesi bolan ajaýyp halylary synladygyňça, bu hakykata has golaýdan göz ýetirýärsiň. Gojaman Jeýhunyň çep kenarynda ýerleşýän Halaç çeper halyçylyk kärhanasyna baranymyzda-da şeýle boldy.

Iki gatdan ybarat kaşaň binanyň öňünde bizi kärhananyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Mähri Berdiýewa garşy aldy. Binanyň birinji gatyndaky önümhanadan çykýan dokmadaragynyň sesi bada-bat özüne çeken bolmaly, Mähriniň hödürlän gök çaýyny-da soňa goýup, halyçy gelin-gyzlaryň arasyna howlukdyk.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar