Çalmar

21 Fewral 2024
307

Çarwalar, aýratyn hem, uzak ýaýlalarda dowar bakýan çopandyr çoluklar «çalmar» diýlip atlandyrylýan wagtlaýyn çopan goşuny sazagyň, selniň, gandym, ojar ýaly beýleki gyrymsy agaçlaryň pürli şahalaryndan tegelek agyl ýaly edip ýasapdyrlar. Onuň içiniň meýdany 3-4 metrden giň bolmandyr. Agylynyň beýikligi bolsa 1-1,5 metr bolýar. Onuň galan ýeri açyk bolýar. Çalmaryň ortarasynda uly edip ot ýakýarlar. Odunlar ýanyp bir üýşmek köze öwrülensoň, onuň daşynda Aý şekilinde oturylypdyr. Iýlip-içilip, dynç alnypdyr. Eginlerine oýlukdyr içmek atyp, oduň başynda oturanlara howa näçe sowuk hem bolsa kär etmändir.

Çarwalar öz aralarynda çalmary «merthana» diýip hem atlandyrypdyrlar. Näme-de bolsa gyşyň aýazlarynda üsti we töwerek daşy alaň-açyk çalmarda mal-garaňa seredip oturmak, ýatyp dynç almak aňsat däl. Bu mertligi talap edýär.

Aýgözel MEREDOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar