Türkmen seýisçilik sungaty

20 Fewral 2024
281

Ata-babalarymyz özleriniň birnäçe müňýyllyklaryň dowamyndaky gündelik iş tejribelerinde türkmen seýisçiliginiň örän inçe syrlaryny ele alypdyrlar. Şol syrly iş usullarynyň her birini okanyňda ýa-da eşideniňde türkmen seýisçiliginiň juda inçe tilsimler arkaly alnyp barlandygyna göz ýetirýärsiň. Milli seýisçilik sungatynyň inçe syrlarynyň nesilden-nesle geçirilmegini durmuş talap edipdir. Şu ýerde dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelen türkmen seýisçiliginiň käbir syrlary hakynda gürrüň etmekçi:

— at çapuwa çykanda, bedenindäki oty-suwy deň bolmaly. Bedew atyň bedenine şapbat çalnanda, iki tarapy deň titrese janawaryň ot-suwunyň deň boldugy, eger suw köp bolan ýagdaýynda onuň sag tarapynyň titremegi bilen aňlapdyrlar;

Röwşengeldi ABAÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar