Kalbymyzyň egsilmejek hazynasy

20 Fewral 2024
248

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik kitaby Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar, halkymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän bu kitabynda dünýä medeniýetine mynasyp goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň durmuş filosofiýasy beýan edilýär. Bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Enä tagzym ― mukaddeslige tagzym», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmenistan ― Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy» ýaly eserleriniň logiki dowamydyr.

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitap ynsanyýet üçin nusgalyk mekdep bolmak bilen, ol biziň milli gymmatlyklarymyzy, geçmişimizi we geljegimizi giňden şöhlelendirýär. Kitap «Ömrümiň manysy ― il-halkym», «Hakydada orun alan pursatlar», «Ýagşy adam ýatdan çykmaz», «Watan ― enäniň kalby», «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek ugrunda», «Terbiýe ― bagtyýarlygyň çeşmesi», «Mertebeli ýaşaýşyň manysy» hem-de «Ömrüňiz uzak bolsun!» atly bölümlerden ybarat bolup, olarda beýan edilýän garaýyşlar okyjyny döwletli döwranymyz, şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz hakyndaky çuňňur oýlaryň dünýäsine atarýar.

Allanur TÖRÄÝEW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Türkmengazgeofizika müdirliginiň 2-nji derejeli inženeri.
Beýleki habarlar