Gadymy miras milli buýsanja badalga

12 Fewral 2024
430

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda: “...biziň milli mukaddesliklerimiz we gymmatlyklarymyz, balykgulakda ýer edinen göwher mysaly, halk hakydasynyň gatlaklarynda saklanyp galypdyr” diýip ýazýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly nygtaýşy ýaly, olar halk hakydasynyň gatlaklaryndan durmuşymyza nur çaýyp, millet hökmündäki özboluşly aýratynlygymyzy äleme äşgär edýärler. Şolar bilen dünýäde millet hökmünde ykrar edilendigimiz kanunalaýyklykdyr. Olaryň näderejede kämildigini, nepisdigini, sowatlylygyň, ylymlylygyň, ussatlygyň miwesidigini, gözelligiň belent derejesiniň alamatlarydygyny dünýä ykrar edýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy mirasymyzy we medeniýetimizi öwrenmek, dikeltmek, baýlaşdyrmak hem-de ýaş nesliň aňyna we terbiýesine ornaşdyrmak möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Edebi mirasymyzy öwrenmek babatda aýdylanda, gazanylan üstünlikleriň hem az däldigini bellemelidiris. Mundan birnäçe asyr öň ýaşan türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň döreden dürli mowzukdaky çeper-edebi we ylmy-taryhy eserlerini çap edip ýaýratmak işleri şu bagtyýar günlerimizde ymykly ýola goýuldy. Edebi mirasymyzyň köpsanly görnüşleri we halk döredijiliginiň nusgalary aýratyn kitaplar görnüşinde okyjylar köpçüligine ýetirildi. Uzak geçmişde, dürli taryhy şertlerde döredilen edebi eserleri öwrenmek, çap etmek üstünlikli dowam edýär.

Gyzlargül KURBANOWA
Çärjew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň taryh mugallymy
Beýleki habarlar