Hoş habaryň joşguny

23 Ýanwar 2024
312

Milli gymmatlyklarymyz hem-de buýsanjymyz bolan, dünýäde deňsiz-taýsyz behişdi bedewlerimiz, wepaly alabaý itlerimiz baradaky alada hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň mydama üns merkezinde saklanýar. 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna baryp, bedewleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ol ýerde geçiren iş maslahatynda Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar — Akdost atly türkmen alabaýynyň «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy dogrusynda aýtdy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda, şeýle-de «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp goşgusynda waspy ýetirilýän wepaly, gujurly, gaýduwsyz hem syzgyr türkmen alabaýy asyrlarboýy halkymyzyň söýgüli jandary bolmagynda galýar. Milli Liderimiz bu kitabynda dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen birlikde, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny hem açyp görkezýär. Kitapdan alabaýyň milletiň ykbalynda eýeleýän, onuň halk döredijiliginde, edebiýatda, çeper döredijilikde hem-de türkmen filosofiýasynda eýeleýän orny barada hem gyzykly maglumatlar berilýär.

Aýna ÝAZLYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
Beýleki habarlar