Türkmen alabaýynyň şöhraty

23 Ýanwar 2024
406

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna baryp görmeginiň çäklerinde Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy barada aýdan hoş habary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren itşynaslyk sungatyna bolan buýsanjyny artdyrdy. Bu şatlykly habar asyrlaryň hem eýýamlaryň jümmüşinden gözbaş alyp, sungat derejesine ýetirilen itşynaslyk ugrunyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylda Halkara Ahalteke atçylyk hem-de Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýalarynyň Prezidenti wezipesinde işlän döwründe Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat beren Akdost atly türkmen alabaýynyň «Merkezi Aziýa owçarkasy» atly ýaryşda iki ugur — arassa ganlylygy we owadanlygy hem-de düşbüligi, ünslüligi we buýrugy ýerine ýetirmek ukyby ugurlary boýunça Russiýanyň çempiony bolandygy baradaky buşluk habary halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň dünýäde şöhratlanýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen şenbe güni Arkadag şäherine bolan saparynyň dowamynda aýdan sözleri türkmen halkynyň buýsanjynyň şöhlelenmesi bolup ýaňlandy.

Baýram ŞÜKÜROW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Ahal welaýat müdirliginiň Ak bugdaý etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar