Magtymguly Pyragynyň döredijiligi – dünýä şygryýetiniň göwher hazynasy

23 Ýanwar 2024
441

Häzirki ajaýyp döwrümizde nusgawy edebiýatymyz ylmy esasda öwrenilýär, milli ýörelgelerimize belent sarpa bar. Bu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip yglan edilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi tutuş halkymyzyň kalbynda egsilmez guwanç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet hakyndaky arzuwlary häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyryldy.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy edebiýatymyz, ene dilimiziň baýlyklary ylmy esasda öwrenilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Bu babatda ýurdumyzda halkara maslahatlar, dabaralar yzygider geçirilýär. Şunda alymlaryň, edebiýatçylaryň, taryhçylaryň arasynda tejribe alyşmaga oňat mümkinçilik döreýär. Şol sebäpli-de Magtymguly Pyragynyň eserlerini, nusgawy döredijiligini dünýä okyjylary okaýar, Gündogary öwreniji alymlar öwrenýär. Şonuň üçin hem dünýäde akyldar şahyra belent sarpa goýulýar, onuň döredijiligi hakynda pikirler beýan edilýär.

Güllala MYRADOWA
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy
Beýleki habarlar