Hakyň we halkyň dosty

18 Ýanwar 2024
643

Türkmen topragy Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Mäne baba, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ýusup Sarahsy, Şibli baba, Ak işan, Aşyk Aýdyň ýaly ençeme beýik ynsanlaryň, meşhur şahslaryň ömür süren mekany, ylmyň we keramatyň watany. Aryf akyldar Mäne babanyň Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inendigi barada. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda: «Ol 967-nji ýylyň dekabr aýynyň 7-sinde, ýekşenbe güni, häzirki Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inip, 1049-njy ýylyň ýanwar aýynyň 12-sinde, anna agşamy şol obada aradan çykýar» diýip, takyk maglumat berilýär. Kakasy Abul Haýyr Ahmediň däri-derman, müşki-anbar satýan, ylymly, abraýly sopular, derwüşler, ulamalar bilen oturyşyp-turşan adam bolandygy hakynda ylmy çeşmelerde bellenilýär.

Abu Seýit ylma-bilime örän teşne, kalby päk, ýaşlygyndan otuz müň beýdi ýatdan aýdyp bilýän hapyz bolup ýetişipdir. Onuň arap dilinden ilkinji sapak alan mugallymy Horasanyň belli karylaryndan hasaplanan Abu Muhammet Annazy bolupdyr.

Bäşim ATAÝEW.
Beýleki habarlar