Daglara bagry badaşan

17 Ýanwar 2024
532

Ençeme menzillerden seleňläp görünýän, başy bulutlar bilen tapyşýan Köýtendag daşky görnüşi, täsin tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen köpleri haýran galdyrýar. Bu duýgy dag dünýäsi bilen içgin tanşanyňda has-da güýçlenýär. Gojaman dagyň dereleriniňdir jülgeleriniň jana şypaly, tämiz howasy, durnagöz çeşmeleri, behişde gaýra dur diýdirýän baglary, hoş owazly guşlarydyr täsin jandarlary ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şol sebäpli bu sapaly sebitde ýeke sapar bolan adam daga müdimi aşyk bolýar, oňa ýene-de dolanyp gelmegiň küýseginde ýaşaýar.

äsinlikler mekanyna ilkinji gezekki gezelenji Şaniýazyň hakydasyndan henizlerem çykanok. Şonda daglaryň başy ak garly gaýalary, biri-birine utgaşyp gidýän belent depeleri sarsmazlygyň, bakylygyň nyşany hökmünde onuň kalbyna ornapdy. Millionlarça, ýok, milliardlarça ýyllap tebigatyň dürli täsirlerine: gyşyň aňzagyna, tomsuň jöwzasyna diňe bu keremli daglar döz gelip bilýär. Şol sebäpli halkymyz daglar bilen baglanyşykly birnäçe nakyllary döredipdir. «Gudrat görseň, daglara bar», «Dagdan arkasy bolanyň, daşdan ýüregi bolar», «Dag görki ― daş, agyz görki ― diş», «Dag ýeri ― duman, ýurt ýeri ― çemen»... Dag eteginde ― Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginde eneden doglan Şaniýaz Meňliýew orta mekdepde okan ýyllarynda bu pähimler bilen tanşypdy. Şonda ol şeýle-de Köýtendagyň beýik Gissar daglarynyň günorta-günbatar bölegini düzýändigini, onuň günorta eňňidiniň dik diwar görnüşli, belent uçutly, kert gaýaly, günbatar eňňidiniň bolsa, tersine, ýapgyt bolup gidýändigini, bu dagyň ýurdumyzyň beýleki daglaryna garanyňda, has gadymydygyny okuw kitaplaryndan öwrenipdi.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar