Guýy suwy — derde derman

16 Ýanwar 2024
495

Gumda önüp-ösüp, şol ýerde gojalyga ýeten Ora çopan kalbyna howsala düşse, doga okap, guýynyň daşyndan aýlanyberýär. Geň galyp, seretseňem: «Guýy — gudrat, tamdyr — keramat» diýip, kagyza ýazybermeli gyzykly gürrüňe başlaberýär:

— Aňzakda ýyljajyk, tomsuna buz ýaly suwy bilen ynsanyň, haýwanyň ömrüni uzaldýan guýynyň gudrat kemi ýok. Köneler «Bir içit, bir geçit, bir metjit» gurup, olary ulanmaga bereniň sogaby soňsuzdyr» diýip, ýöne ýere aýdan däldir. «Bismilla, ýa pirim Suhy-Zinde» diýip başlaýan guýy ussasy hepdeläp işlänsoň, süýji suwa, ýogsa-da ajy, şor suwa ýetýär. Guýy gazylanda dik, göni gazmak üçin inçe ýüpüň ujundaky çyranyň çüýşesinden «şugul» daňyp sallaýarlar. Guýyň gyşaran ýerinde çyra diwara degip, ussaň harsallygyny «şugullaýar». Guýy ussasynyň birje ýalňyşy ömrüne deň. Guýy gyşarsa «üzülýär», opurylýar. Garrylar «Guýy gazýan ussa, agzyna suw damdyrylýan hassa — jany gyl üstünde» diýerdi. Öňler guýy opurylmaz ýaly, tutdan çöwlük örülip, gyrasyna bile ýetip duran buljura — halka galdyryp, agzyna-da çagaryk-gapak ýapylýar eken. Guýudan ilkinji çykan süýji suw derman hökmünde yrym üçin çyrçykly çaga, önelgesiz zenana, derdi bilinmeýän bimara berlipdir.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy, mirasgär.
Beýleki habarlar